Türkmenistan Bitaraplygyň 25 ýyllygyna taýýarlanýar: halkara maslahatyna çakylyklar gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Bitaraplygyň 25 ýyllygyna taýýarlanýar: halkara maslahatyna çakylyklar gowşuryldy
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Muratow prezident Salome Zurabişwili bilen görüşdi.

Özbegistanyň we Gruziýanyň döwlet baştutanlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyna çagyryldy.

Çakylyk hatlarynyň gowşurylandygy baradaky habary ýekşenbe güni işläp başlan “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyň saýty habar berýär.

Üç dilde maglumat berýän “neutrality.gov.tm” saýtynda habar berilmegine görä, Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi Ýazguly Mämmedow prezident Şawkot Mirziýoýewe, Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Muratow prezident Salome Zurabişwilä çakylyklary gowşurdy.

Türkmenistan maslahata halkara guramalaryny hem çagyrýar. 9-njy ýanwarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow bilen duşuşan Hytaýdaky türkmen diplomaty Parahat Durdyýew Baş sekretara çakylyk hatyny gowşurypdy.

Halkara maslahaty Aşgabat şäherinde 11-12-nji dekabrda geçiriler. Maslahatyň ilkinji gününde sergi gurnalyp, şol gün hem ýedi ugur boýunça session ýygnagy we ikitaraplaýyn duşuşyklar bolar. Bitaraplygyň ykrar edilen güni bolan 12-nji dekabrda maslahat giň gerimde gurnalyp, günüň ahyrynda dabaraly konsert bilen jemlener.

2022