Ýewropa konsorsiumy Transhazar gazgeçirijisi boýunça teklibini hödürlär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropa konsorsiumy Transhazar gazgeçirijisi boýunça teklibini hödürlär
Transhazar gazgeçirijisi Azerbaýjana baryp ýetenden soň türkmen gazyny “Günorta gaz geçelgesiniň” üsti bilen Ýewropa eltmek meýilleşdirilýär. (Surat: Transadriatik gaz geçirjisi)

Aşgabat şäherinde penşenbe güni Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge, daşary bazarlarda ýurduň pudaklarynyň ornuny berkitmäge, olaryň eksport, innowasion we maýa goýum kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen türkmen-german forumy geçiriler.

Forum Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň, halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Telekeçilige ýardam etmek boýunça Gündogar-Ýewropa assosiasiýasynyň, Söwda-senagat edarasynyň we dürli pudaklarda ýöriteleşýän köp sanly german kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Forumyň gün tertibine özara söwda-ykdysady hereketi meýilleşdirmek üçin täze teklipler giriziler. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meselesine seredilmegine garaşylýar.

Birinji Hazar ykdysady forumynda Transhazar gazgeçirijisini gurmagy teklip eden Ýewropa konsorsiumy hem türkmen-german toparynyň duşuşygyna gatnaşar. 

“Edison Technologies” konsorsiuma ýolbaşçylyk edýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumda konsorsiumyň lideri bolup çykyş edýän “Edison Technologies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Edison Kasapoglu Transhazar geçirijisiniň türkmen gazynyň Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna akdyrmagyň taslamasyny hödürläpdi.

Ýewropa konsorsiumyna “Edison Technologies” bilen bir hatarda “MMEC Mannesmann GmbH”, “Air Liquide Global E&C Solutions” kompaniýalary girýär.

Geçen ýylyň fewral aýynda Berlinde geçirilen türkmen-german forumynda hem çykyş eden Kasapoglu “Transhazaryň” Ýewropany “mawy ýangyç” bilen üpjün etjek goşmaça çeşmäni döretjekdigini aýdypdy.

Kasapogluna görä, 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde gazanylan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda ylalaşyk Transhazar turba geçirijisini çekmek üçin esas bolup durýar.

Hazaryň düýbünden 300 kilometr ýol aşmaly Transhazar gazgeçirijisi Azerbaýjana baryp ýeteninden soňra türkmen gazyny TANAP boýunça Türkiýä we soňra Ýewropa eltmek ýa-da Ýewropa Bileleşiginiň serhetlerine barýan täze ykdysady ugur döretmek “Edison Technologies” kompaniýasynyň maksatlarynyň biridir.

Konsorsium türkmen gazyny dürli ugurlarda özleşdirmek isleýär

Konsorsiumyň wekili gazgeçirijiniň gurluşygy bilen birlikde konsorsiumyň Galkynyş ýatagyndaky guýularyň zerur sanyny burawlamagy, şol ýerde guruljak desgalar arkaly gazy arassalamagy, harytlyk gazyň Transhazar turba geçirijisine gönükdirmek üçin gysyjy beketleri gurmagy meýilleşdirýändigini aýdýar.

Konsorsium Transhazar gazgeçirijisiniň taslamasyny öz maliýe serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirmekçi. Bu ýagdaýda, kompaniýa öz maýa goýumlaryny gazgeçirijini işe girizenden soň Ýewropa satyljak "mawy ýangyjyň" hasabyna gaýdyp almagy meýilleşdirýär.

Konsorsium “Sinopec Engineering Group” hytaý kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda poliwinilasetaty we metanoly öndürýän gaz-himiýa toplumyny gurmak boýunça maýa goýum taslamasyny hem durmuşa geçirmek isleýär.

Şunuň bilen baglylykda 2020-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda konsorsiumyň wekiliýetiniň agzalary Aşgabada geldi we “Türkmengaz” döwlet konserninde şu gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça tanyşdyryş geçirdi. Wekiller iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi “Türkmengaz” döwlet konserniniň eksport mümkinçiliklerini giňeltjekdigini belledi.

Konsorsium bu ägirt uly taslamany öz maliýe serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirmekçi. Kompaniýa maýa goýumlaryny desga ulanylmaga berlenden soň öndüriljek önümiň hasabyna gaýdyp almagy meýilleşdirýär.

2022