Türkiýäniň täze ilçisi bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň täze ilçisi bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkiýäniň täze bellenen ilçisi Togan Oral türkmen Liderine ynanç hatyny gowşurdy.

Türkiýäniň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Türkmen Lideri hem-de ilçi özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda söwda-ykdysady ulgam, energetika, gurluşyk toplumy, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk pudagy we beýlekiler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Döwlet Baştutany we türkiýeli diplomat netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, onuň wajyp ugurlaryny işläp taýýarlamagyň anyk guraly hökmünde Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň eýeleýän ähmiýetli orny hakynda bellediler.

Ilçi Togan Oraly duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem kabul etdi.

Ýurduň daşary syýasat edarasynda geçen duşuşykda taraplar ýokary derejedäki bilelikdäki saparlaryň özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

2022