“Hyundai” bilen “Uber Partner” uçýan taksileri döretmäge girişdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hyundai” bilen “Uber Partner” uçýan taksileri döretmäge girişdiler
Las-Wegas şäherinde geçen durmuş elektronikasy sergisinde “Uber” bilen “Hyundai” dört orunlyk uçýan elektrik ulagyny hödürlediler.

“Uber” we Günorta Koreýanyň iri “Hyundai” kompaniýalary adamlaryň gatnawlaryna täsirini ýetirjek uçýan taksileri tanatdy diýip, CNN habar berýär.

ABŞ-niň Las-Wegas şäherinde geçen durmuş elektronikasy sergisinde “Uber” bilen “Hyundai” dört orunlyk uçýan elektrik ulagyny hödürlediler. Gurnaýjylar haçan hem bolsa bir gün “Uber” applikasiýasy arkaly adamlaryň howa taksisini çagyryp biljekdigini aýdýar.

“Hyunda” kompaniýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, ‘taksiniň’ ilkinji we hakyky nusgasy 2023-nji ýylda taýyn bolar. Ulagyň özbaşdak hereket ediş mümkinçiligi doly taýýarlanýança, ony uçarman dolandyrar.

“Hyundai” “Uber Elevate” kompaniýasynyň howa gezelenji boýunça başlangyçlaryna goşulan ilkinji kompaniýa bolup, ol özüniň önümçilikdäki tejribesini paýlaşýar.

“Biz “Hyundai” kompaniýasynyň häzirkizaman howa gatnawlarynda “Uber Air” ulaglaryny döretmek üçin ýeterlik güýjüniň bardygyna ynanýarys, şeýle-de kompaniýa ýolagçylaryň ýeke gezeklik gatnawy üçin tölegi elýeter boljak ýokary hilli, ynamly howa gämilerini öndürip biler” diýip, “Uber Elevate” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erik Allison CES-de mälim etdi.

“Hýunda” ägirdiniň wise-prezidenti we şäher howa hereketi bölüminiň başlygy, NASA-nyň ozalky iş dolandyryjysy Jeýwon Şin “Biziň şäher howa hereketi boýunça garaýşymyz, şäher transporty konsepsiýasyny üýtgeder” diýip belledi.

“Hyundai” bilen “Uber” täze ulagyň barlag uçuşyny entek tamamlamady.

“Uber” isleg bildirýänlere Manhetten bilen Nýu-Ýorkda uçarmanly dikuçarda gezelenç etmegi hem hödürleýär.

2022