Germaniýanyň we ABŞ-niň Baş diplomatlary Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen duşuşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Germaniýanyň we ABŞ-niň Baş diplomatlary Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen duşuşar
Daşkentde geçiriljek “C5+1” formatyndaky duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň döwlet sekretary Maýk Pompeo gatnaşar.

Germaniýanyň we ABŞ-niň Daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň Baş diplomatlary bilen duşuşar.

Berlin şäherinde 28-nji ýanwarda geçiriljek “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly halkara maslahatyna sebitiň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar. Forumyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň umumy howpsuzlyga ýetirýän täsiri bilen bagly meselelere seretmek bolup durýar.

“Ýaşyl Merkezi Aziýa” maslahatynda Germaniýanyň Hökümetiniň degişli başlangyjy beýan edilip, şonuň esasynda daşky gurşawy goramak we bioköpdürlülik, suw serişdelerini dolandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, tokaý hojalygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de energonetijelilik, oba hojalygy we ýer serişdelerini dolandyrmak ugurlary boýunça taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

3-nji fewralda Daşkent şäherinde geçiriljek “C5+1” formatyndaky duşuşyga Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň baş diplomatlary bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo gatnaşar.

“C5+1” görnüşindäki duşuşygyň gün tertibine ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler giriziler. Şolaryň hatarynda ykdysadyýet we energetika, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, ony durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, Merkezi Aziýanyň energetika, ulag we söwda ulgamlaryna birikdirmäge ýardam etmek boýunça tagallalary birleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Berlinde we Daşkentde geçiriljek duşuşyklara gatnaşar.

2022