Iki hereketlendirijili “Boing 777-9X” ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iki hereketlendirijili “Boing 777-9X” ilkinji uçuşyny amala aşyrdy
“Boing 777-9X” howa gämisi 426 ýolagçyny sygdyrýar we 14,000 kilometr uzaklyga uçuşy ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Dünýäde iň uzyn we iň uly iki hereketlendirijili “Boeing 777-9X” kysymly uçar ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.

““Boing 777”-niň esasynda we “Boing 787 Dreamliner”-iň synagdan geçen tehnologiýalary bilen üpjün edilen “Boing 777X” müňlerçe adamyň öňünde Waşington ştatynyň Ewerette şäheriniň Peýn meýdançasyndan ýerli sagat boýunça 10:09-da asmana göterildi. Uçuş Waşington ştatynyň howa giňişliginde 3 sagat 51 minut dowam etdi we “Boing” kompaniýasynyň Sietl şäherindäki meýdançasyna gondy” diýip, kompaniýanyň 25-nji ýanwardaky metbugat beýanatynda aýdylýar.

426 ýolagçy sygdyrýan we 14,000 kilometr uzaklyga uçuşy ýerine ýetirmäge ukyply “Boing 777-9X” uzak aralykdaky uçuşlaryň aglaba bölegini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu howa gämisiniň geljek ýyllarda kompaniýanyň esasy uçarlarynyň birine öwrülmegine garaşylýar.

“777X” 25 ýyl öň ilkinji uçuşy ýerine ýetiren giň fýuzelýažly “777” kysymyň nesli bolup, 2013-nji ýylyň noýabr aýynda üstünde işlenilip başlandy.

Uzynlygy 76.72 metr bolup, “777-9” iň uzyn gurlan raýat uçary hasaplanýar. Fýuzelýažynyň ini ozalkysyndan 2.86 metr giň bolan “777-9” özüniň öňki “777-300ER” kysymyna seredeniňde ekonom synpynda goşmaça 10 setir oturgyç sygdyrmaga ukyply bolup, muňa jemi 426 ýolagçy ýerleşýär.

“A380” we “747-8 Intercontinental” uçuşyny bes ederler. “777-9” göwrümi boýunça ýeke-täk uly uçar bolup durýar. Onuň esasy bäsdeşi “Boing 777-300ER” kysymyna meňzeş bolan “Airbus A350-1000” kysymly uçarydyr.

“Boing” kompaniýasy “777 X” kysymynyň sargydynyň ilkinji tapgyryny 2021-nji ýylda ýerini ýetirjekdigini aýtdy. Häzirki wagtda kompaniýa “ANA”, “British Airways”, “Cathay Pacific Airways”, “Emirates”, “Etihad Airways”, “Lufthansa”, “Qatar Airways” we “Singapore Airlines” ýaly öňdebaryjy awiakompaniýalaryndan 340 sany sargyt aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022