Kobi Braýnt biznes dünýäsinde-de uly miras goýup gitdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kobi Braýnt biznes dünýäsinde-de uly miras goýup gitdi
Kobe Braýnt biznes dünýäsinde-de brend dörediji, maýa goýumçy we täze kompaniýa gurýanlar üçin halypa hökmünde tanalýardy.

Kobi Braýntyň mirasy basketbol meýdançasyndan has ötä geçýär. Ol biznes dünýäsinde-de brend dörediji, maýa goýumçy we täze kompaniýa gurýanlar üçin halypa hökmünde tanalýardy.

Kobi Braýnt Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynda dikuçar heläkçiligi netijesinde ýekşenbe güni 41 ýaşynda aradan çykdy.

"20 möwsümiň dowamynda, Kobi bize ullakan talant bilen ýeňişe bolan hyjuw birleşende nämeleriň mümkindigini görkezdi" diýip, ABŞ-nyň milli basketbol birleşigi NBA-nyň komissary Adam Silwer öz beýanatynda aýtdy. "Ol öz akyl-paýhasyny paýlaşmakda jomartdy we ony geljekki oýunçy nesillere ýetirmegi öz borjy hasaplaýardy".

2013-nji ýylda basketbol ýyldyzy Kobi Braýnt Web.com-yň esaslandyryjysy Jeff Stibel bilen bilelikde "Bryant Stibel" atly başlangyç kapital kompaniýasyny gurdy. Tehnologiýa, mediýa we data kompaniýalaryna, şol sanda "Dell" we "Alibaba" maýa goýan bu kompaniýanyň häzir 2 milliard dollarlyk mülki bar.

Bu kompaniýadan başga-da, Braýnt sport içgisi "Body Armor"-a maýa goýup, millionlarça dollar gazandy. Bu brend 2018-nji ýylda "Coca Cola" kompaniýasyna paý satyp, öz gymmatyny ep-esli artdyrypdy.

Braýntyň 2016-njy ýylda esaslandyran "Granity Studios" mediýa kompaniýasy sport baradaky döredijilikli eserleriň üstünde işleýär. Ol bu kompaniýanyň üsti bilen "Gadyrly basketbol" atly gysga metražly filmi döredip, bu eser 2018-nji ýylda iň gowy animasiýa edilen gysga film kategoriýasynda "Oskar" baýragyna mynasyp boldy. "Granity Studios" okyjylaryň giň söýgüsini gazanan "Mamba düşünjesi: meniň oýun oýnaýşym" atly kitaby hem neşir edipdi.

Basketbolda "Gara Mamba" diýlip tanalýan Braýnt sport ussady hökmünde öz brendini sportdaky zähmet ýolunyň ilkinji ýyllarynda "Nike" muşdagy bolup döredip başlady. Braýnt 2003-nji ýylda "Nike" bilen şertnama baglaşdy. Maýkl Jordan 2003-nji ýylda hormatly dynç alşa çykandan soň baglaşylan bu şertnama aýakgap öndüriji "Nike" kompaniýasyna geljekki ýyllaryň dowamynda basketbol dünýäsindäki öz ornuny berkitmäge şert döretdi.

"Şu günki ajy habar bizi gaty gynandyrdy" diýip, "Nike" kompaniýasy ýekşenbe güni ýaýradan beýanatynda aýtdy. "Ol öz döwrüniň iň beýik sportçylarynyň biridi we sport dünýäsinde hem-de basketbol jemgyýetçiliginde bahasyna ýetip bolmajak yz galdyryp gitdi. Ol 'Nike' maşgalasynyň söýgüli agzasydy".

Braýnt öz zähmet ýolunyň dowamynda başga-da birnäçe brendler bilen, şol sanda "McDonald's", "Sprite", "Alibaba" we Türk Howa Ýollary bilen hem mahabat şertnamasyny baglaşypdy.

2022