Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň wekilleri ýüzüşiň howpsuzlygyny maslahatlaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň wekilleri ýüzüşiň howpsuzlygyny maslahatlaşýar
Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleri ýüzüşiň howpsuzlygy boýunça üç günlük maslahata başlady.

Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleri ýüzüşiň howpsuzlygy boýunça maslahat geçirýär.

Duşenbe güni başlan üç günlük mejlisde “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasy ara alyp maslahatlaşylar.

Wekilleriň geçirýän altynjy mejlisine Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işgärleri gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Teswirnamanyň taslamasy hem-de taraplaryň teklipleri boýunça pikir alyşýar.

Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekildi. Oňa Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlar: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan gatnaşýar.

2022