Telekeçi Batyr Rawşanow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýyladyşhanasynda ýertudanalary ösdürip ýetişdirýär.
“Biz ýyladyşhanamyzda ýertudananyň albion görnüşini ösdürip ýetişdirýäris. Onuň şitili Türkiýeden getirildi. Asyl watany bolsa, Angliýa” diýip telekeçi Rawşanow aýdýar. “Ýertudana çygly şertlerde ösdürilip ýetişdirilýänligi üçin ýylyň tutuş dowamynda hasyl almak mümkin”.
Ýertudananyň ynjyk miwedigini aýdan işewür “Biziň ýetişdirýän görnüşimiz aşa sowuga-da, aşa gyzgyna-da çydanok. Onuň özüni kadaly duýmagy üçin howa şertini 18-25 derejedäki mylaýymlykda saklamaly bolýar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Rawşanowyň ýyladyşhanasynda häzirki wagtda onlarça adam zähmet çekýär. Olaryň zähmeti bilen ösdürip ýetişdirilýän ýertudanalar “Tudana” haryt nyşany bilen ýörite gaplara ýerleşdirilip, söwda nokatlaryna iberilýär.
Dünýäde ýertudana önümçiliginiň aglaba bölegi Hytaýyň paýyna düşýär; 2019-njy ýylda 3.8 million tonna, ýagny dünýäde ösdürilip ýetişdirilýän iýmişleriň 42 göterimi. Hytaýdan soň ABŞ, Meksika, Müsür we Türkiýe bu hoşboý ysly miweleri ýetişdirýän ýurtlaryň yzygiderliligini düzýär. Bu ýurtlarda ýylda 415 müň tonnadan 1.4 million tonna çenli ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.