BMGÖM bilen türkmen hususy pudagy söwda kuwwatyny artdyrmak barada maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMGÖM bilen türkmen hususy pudagy söwda kuwwatyny artdyrmak barada maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde penşenbe güni BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyk ministrliginiň bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşmak üçin iş saparyna gelen BMG-niň halkara bilermeni Akim Seýler bilen duşuşyk geçirildi.

TSTB-niň halkara we söwda bölümleriniň ýolbaşçylary myhmany Birleşmäniň işi bilen, türkmen telekeçileriniň taslamalary we geljekki meýilnamalary, şeýle hem türkmen hususy pudagynyň wekilleriniň milli ykdysadyýeti, şol bir sanda söwda pudagyny ösdürmekde alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen telekeçileriniň söwda kuwwatyny artdyrmak, olaryň daşarky we içerki söwdada iş ukyplaryny kämilleşdirmek, TSTB-e agza bolan kompaniýalaryň önümlerini daşarky bazarlara eksportyny amala aşyrmakdaky çäreleri durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) 1965-nji ýylda Milletler Bileleşigi tarapyndan dünýäde ykdysady ösüş toruny emele getirmek üçin döredildi. Maksatnamanyň 166 ýurtda wekilhanasy hereket edýär.

2022