Aşgabatda Hazar deňzinde ylmy barlag etmek meselelerine serediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Hazar deňzinde ylmy barlag etmek meselelerine serediler
Hazarýaka döwletleriň wekilleri Aşgabatda Hazar deňzinde ylmy barlag işleri boýunça pikir alşarlar.

Aşgabat şäherinde 6-7-nji fewralda “Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça bäş döwletiň wekilleri bilen duşuşyk geçiriler.

Duşuşyk Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça işleri ylmy esasda amala aşyrmak, tebigy we antropogen hadysalara gözegçilik etmek hem-de çaklama geçirmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek we giňeltmek maksady bilen geçirilýär.

Şeýle hem 3-5-nji fewral aralygynda Aşgabatda “Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçiriler.

Anna güni Aşgabatda Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy hem geçirildi.

2022