Türkmenistanyň nebitgaz we elektrik energiýasy toplumlary döwrebap enjamlaşdyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň nebitgaz we elektrik energiýasy toplumlary döwrebap enjamlaşdyrylýar
Türkmenistanda “Ahal – Balkan” we “Balkan – Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we beketleri gurulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni nebitgaz we elektrik energiýa pudagy boýunça Kararlara gol çekdi.

Resminama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konsernine Türkmenistan – Owganystan –Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin dürli serişdeleri we enjamlary satyn almak, şeýle hem telemehanika we dolandyryş, aragatnaşyk “SСADA” ulgamynyň hem-de gaz ölçeýji bekediň toplumyny getirmek we gurnamak barada Malaýziýanyň “Serba Dinamik Sdn. Bhd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Işlere 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgalary 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Şeýle hem Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna “Ahal – Balkan” we “Balkan – Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Elektrik geçiriji ulgamy üçin telemehanika, kommunikasiýa we “SСADA” ulgamynyň taslamasyny düzmek, getirmek, gurnamak hem-de ulanyşa girizmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.