“Alym saraýly” türkmen bank we maliýe işgärlerine webinar okuwlaryny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Alym saraýly” türkmen bank we maliýe işgärlerine webinar okuwlaryny hödürleýär
“Alym saraýly” okuw merkeziniň mugallymy Meýrjemal Metbagirowa bu okuwlaryň maksadynyň diňleýjilere ýeňillik döretmek we bilim ulgamynda innowasiýalardan peýdalanmakdygyny nygtady.

“Alym saraýly” okuw merkezi Türkmenistanyň bank we maliýe ulgamynda, türkmen ykdysady pudagynda, şeýle-de hasaphana bölümlerinde zähmet çekýän hünärmenlere webinar okuwlaryny geçirýär.

Okuw merkeziniň hödürleýän webinar görnüşli möhletli okuwlarynyň gyşky möwsüminde maliýe hem-de audit boýunça halkara ACCA DipIFR we CIMA okuwlaryny hödürledi. Webinarlar hepde-de 3 gün jemi 100 sagadyň dowamynda berildi.

“Alym saraýly” okuw merkezi maliýe, audit we dolandyryş ugurlary boýunça webinar görnüşli okuwlaryny 2017-nji ýyldan bäri hödürleýär.

Merkeziň onlaýn okuwlaryny gurnamak boýunça ýörite hünärmeni we mugallymy Meýrjemal Metbagirowa “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda bu okuwlaryň maksadynyň diňleýjilere ýeňillik döretmek we bilim ulgamynda innowasiýalardan peýdalanmakdygyny nygtady.

Häzirki wagtda “Alym saraýly” okuw merkezi halkara hyzmatdaşy “Altera” kompaniýasy bilen bilelikde ACCA meýilnamasyna degişli onlaýn okuwlaryň 13 modulyny, CIMA meýilnamasyna degişli 9 modulyny hödürleýär.

Webinarlara göni ýaýlymda gatnaşyp bilmedik diňleýjileriň özlerine oňaýly wagtda 36 sagadyň dowamynda seminary görmäge we berlen ýumuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilikleri bar. Gatnaşyjylaryň elektron poçtasyna webinardan öň birnäçe gezek ýatlatma ugradylýar. Okuwlaryň ahyrynda bolsa, umumy synag geçirilýär. Modullaryň uly bölegi synaglary onlaýn ýerine ýetirse-de, käbir modullar üçin diňleýjiniň “Alteranyň” iň golaýdaky wekilligine baryp, synagy gatnaşmagy talap edilýär.

Webinar okuwlaryna yzgiderli gatnaşýan bu merkeziň işgärleri Guliýa Hummedowa we Aýsoltan Garlyýewa mazmun bilen tanyş hem bolsalar, täzeçe usulda ýagny onlaýn görnüşde treýninglere gatnaşmagyň özboluşly aýratynlyk bolandygyny bellediler.

IAB halkara buhgalterçilik webinarlarynyň uçurymy, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ýelena Akmuradowa: “Men häzirki wagtda öýde kiçi ýaşly çagamy terbiýeleýärin. Şonuň üçin özüme oňaýly wagtda gatnap okar ýaly okuw merkezine duşuşyp bilmedim. Emma “Alteranyň” webinarlary bilen bu okuwlary almaga mümkinçiligim boldy” diýip belleýär.

“Saraýly Group” kärhanasynyň garamagyndaky “Alym saraýly” okuw merkezi ACCA, CIMA, auditorlyk, işewürlik, iňlis dili ýaly ugurlar boýunça webinar okuwlaryny; buhgalterýa esaslary, IFRS, menedžment buhgalteriýasy, salgyt buhgalteriýasy, 1C buhgalteriýasy, maliýe buhgalteriýasy, audit we biznes ugurlary boýunça gündizki okuwlary hödürleýär.

2022