Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky DIM-niň wekiliýetiniň 1-2-nji fewralda Owganystana sapary boldy.
Şenbe güni türkmen wekiliýeti Kabul şäherinde Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli we uzakmöhletleýin taslamalaryň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasynyň geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy ýaly taslamalar hakyndaky gürrüňler agzaldy.
Mundan başga-da türkmen wekiliýeti owgan tarapyna mundan beýläk hem ulgamlaýyn esasda goňşy ýurda ynsanperwer kömegini bermäge Türkmenistanyň taýýarlygyny beýan etdi.
Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýolbaşçysy doktor Abdulla Abdulla, Prezidentiň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi, Daşary işler ministri we Owganystanyň beýleki döwlet edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.
Saparyň çäklerinde Owganystana ýardam bermek boýunça Missiýasynyň Kabuldaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň DIM-niň wekiliýetiniň UNAMA-nyň ýolbaşçysy Tadamiço Ýamamoto bilen gepleşikleri geçirildi.
Ýekşenbe güni Nýu-Deli şäherine gysga saparynyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Hindistanyň Daşary işler ministri Subramaniam Jaýşankar bilen iş duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşdylar, özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.