Hazar sebitindäki döwletleriň bilermenleri deňizde bikanun awlanylmagyna garşy göreşmekde umumy pikire gelmek maksady bilen Aşgabat şäherinde jemlendiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde (DIM) duşenbe güni Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylmaga başlandy.
Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri, şeýle-de Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Brakonýerçilige garşy göreşmek boýunça Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy hazarýaka döwletleriniň özara hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýändigi mejlisiň barşynda agzaldy.
Taraplar maslahatyň barşynda Teswirnamanyň Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda işlenilip düzülýändigini, Teswirnamanyň taslamasynyň ylalaşylmagynyň tamamlanmagy bolsa, nobatdaky duşuşygyň esasy maksady bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işini çarşenbe gününe çenli dowam eder.