Türkmen gümrükçileri Bakuda halkara maslahata gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gümrükçileri Bakuda halkara maslahata gatnaşdy
Ýygnaga BGG agza ýurtlaryň 20 gümrük gulluklarynyň, BGG-niň sekretariatynyň we Mümkinçilikleri berkitmek boýunça Ýewropa sebiti edarasynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 27-29-njy ýanwar aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Mümkinçilikleri berkitmek boýunça Ýewropa sebiti edarasynda Milli aragatnaşyk wekilleriniň 3-nji mejlisine gatnaşdy.

Ýygnaga BGG agza ýurtlaryň 20 gümrük gulluklarynyň, BGG-niň sekretariatynyň we Mümkinçilikleri berkitmek boýunça Ýewropa sebiti edarasynyň wekilleri gatnaşdy. BGG-niň sekretariatynyň wekiliýetine guramanyň Mümkinçilikleri berkitmek boýunça müdiriýetiniň başlygy Teil Kang ýolbaşçylyk etdi.

Maslahat, esasan-da, mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň usullary barada gatnaşyjylaryň bilimini artdyrmaga we çuňlaşdyrmaga gönükdirildi. Şeýle-de, bu maslahatda BGG agza döwletleriň özara hyzmatdaşlygyny berkitmekdäki ähmiýeti bellenildi.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylara Bütindünýä gümrük guramasynyň we Mümkinçilikleri berkitmek boýunça Ýewropa sebiti edarasynyň strategiýalary, işi we başlangyçlary barada maglumat berildi.

Üç günlük mejlisiň dowamynda oňa gatnaşan wekiller öz degişli gümrük gulluklarynda mümkinçilikleri artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, “Merkator” maksatnamasynyň çäklerinde gazanylan ösüş hakynda maglumat berdiler.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 1991-nji ýylyň noýabrynda döredildi we gulluk 1993-nji ýylda Bütindünýä gümrük guramasyna agza boldy. Häzirki wagtda Döwlet gümrük gullugynyň ulgamy alty gümrükhanadan we 51 sany gümrük nokatlaryndan ybaratdyr.

2022