Tejribeli “Lebapsyýahat” kärhanasy tebigata gezelençleri baýlaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tejribeli “Lebapsyýahat” kärhanasy tebigata gezelençleri baýlaşdyrýar
“Lebapsyýahat” kärhanasy ýylyň dowamynda 6 müňe golaý adama syýahatçylyk hyzmatyny gurnaýar.

2019-njy ýylda hususylaşdyrylan “Lebapsyýahat” kärhanasy özüniň syýahat ugurlaryna ekosyýahatçylygy goşdy. Jahankeşdeleriň aýlanmaga höwes bildiren ýerlerini göz öňünde tutup, kärhana tebigatyň täsinliklerine syýahatçylygy gurnamagyň gerimini giňeltdi.

Türkmenistana gelýän syýahatçylar Lebap welaýatynyň çägindäki Köýtendagyň we Repetek biosfera döwlet kärhanasynyň tebigatyna uly gyzyklanma bildirýärler. Şuny nazara alyp, “Lebapsyýahat” bu ýerlerde myhmanlara ak öýlerde dürli görnüşli milli tagamlary hödürlemegi ýola goýdy.

1999-njy ýylda esaslandyrylan “Lebapsyýahat” döredilenden laýyk 20 ýyl soňra hususylaşdyrylyp, “Lebapsyýahat syýahatçylyk kärhanasy” hojalyk jemgyýetine öwrüldi.

Hojalyk jemgyýeti ýylyň dowamynda 6 müňe golaý adama syýahatçylyk hyzmatyny gurnaýar. Hyzmatlara wizalar, ýol-ulag petekleri, ýaşamak üçin myhmanhanalar bilen üpjün etmek, syýahatlary gurnamak we beýleki syýahatçylyk işleri degişlidir.

“Lebapsyýahat” kärhanasynyň ugurlary Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Ukraina, Hindistan, Täjigistan, Taýland, Hytaý, Eýran, Koreýa ýaly döwletleri öz içine alýar. Daşary ýurtlardan gelýän jahankeşdelere hem ýurduň taryhy we medeni ýadygärliklerine, tebigatyň üýtgeşik we täsin ýerlerine gezelençleri gurnaýar.

“Lebapsyýahat syýahatçylyk kärhanasy” hojalyk jemgyýetinde 20-ä golaý daşary ýurt dilini bilýän hünärmen zähmet çekýär.

2022