Gruziýadaky maslahatda Türkmenistanda maýa goýuma uly gyzyklanma bildirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýadaky maslahatda Türkmenistanda maýa goýuma uly gyzyklanma bildirildi
Tbiliside Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy “CBA Kaizen” kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň oňaýly maýa goýum şertlerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

Tbiliside çarşenbe güni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy “CBA Kaizen” kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň oňaýly maýa goýum şertlerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

Maslahata Gruziýadaky diplomatik missiýalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, bank ulgamynyň, ulag, logistika we ekspeditorlyk kompaniýalaryň, fransuz-gruzin we britan-gruzin Söwda-senagat edaralarynyň, “Mitsubishi Electric” kompaniýasynyň, şeýle hem Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüşiň we oňaýly maýa goýum şertiniň özboluşly aýratynlyklary barada nygtaldy.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegi, hususan-da, Lapis Lazuli, Hazar deňzi – Gara deňiz ugurlary boýunça, şeýle hem Türkmenistanda we sebitde bu ugurda amala aşyrylýan beýleki ähmiýetli taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de ilçi konferensiýa gatnaşyjylary Türkmenistanda öndürilýän eksporta ukyply önümler bilen tanyşdyrdy.

Çäräniň ahyrynda gruzin tarapy hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli şu ýyl Türkmenistanda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.