Nýu-Delide Hindistan–Merkezi Aziýa işewürlik geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nýu-Delide Hindistan–Merkezi Aziýa işewürlik geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi
Ykdysady kuwwaty artdyrmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Deli şäherinde “Hindistan-Merkezi Aziýa” işewürlik geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi.

Ykdysady kuwwaty artdyrmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde penşenbe güni “Hindistan-Merkezi Aziýa” işewürlik geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat pudagyny ösdürmek barada pikir alyşdylar.

““Hindistan–Merkezi Aziýa” işewürlik geňeşiniň döredilmegi möhüm başlangyçlaryň biridir. Häzirki wagtda Hindistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen haryt dolanşygy ýylda 2 milliard ABŞ dollaryna golaý” diýip, Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar aýtdy.

Şeýle hem, Jaýşankar Hindistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwdany mundan hem beýläk ösdürmek maksady bilen howa koridoryny döretmegiň ähmiýetlidigini nygtap, energetika, derman senagaty, awtomobil senagaty, agrosenagat, bilim, şäher gurluşyk, transport, raýat awiasiýasy, maglumat tehnologiýalary we syýahatçylyk pudaklarynda gatnaşyklary has-da ösdürmegi belledi.

Mejlisiň ahyrynda Geňeşiň düzgünleri we bilelikdäki deklarasiýasy barada ylalaşdylar.

“Hindistan–Merkezi Aziýa” işewürlik geňeşiniň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi Şalar Geldinazarow gatnaşdy.

2022