ABŞ: Merkezi Aziýa 'arkalaşykly hyzmatdaşlaryň sebitine' öwrüler

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ: Merkezi Aziýa 'arkalaşykly hyzmatdaşlaryň sebitine' öwrüler
ABŞ-nyň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasy çarşenbe güni çap edildi.

Merkezi Aziýada özygtyýarlylygy we sebitleýin howpsuzlygy has hem berkarar etmek, Owganystanda durnuklylygy berkitmek we onuň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sebitde kanunyň hökmürowanlygyny ýokarlandyrmak we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi Aziýa gönükdirýän maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak. ABŞ-nyň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasy geljekki bäş ýyl üçin ähli ugurlary öz içine alýan we biri beýlekisini doldurýan maksatlaryň altysyny öz içine alýar.

Resminama laýyklykda, ABŞ-nyň yzygider gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlary arkalaşykly hyzmatdaşlaryň sebitine öwrüler, bu bolsa olaryň özygtyýarlylygy gorap saklamak hem-de ykdysady garaşsyzlyga ýetmek we ony gorap saklamak üçin anyk işleri ýerine ýetirmek ukybyny ýokarlandyrar. 

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günörta we Merkezi Aziýanyň býurosynyň çarşenbe güni çap eden hasabatynda Merkezi Aziýada bitewi elektrik ulgamynyň ýola goýulmagy elektrik energiýasynyň artyk möçberiniň söwdasyny aňsatlaşdyrmaga, sarp edijiler üçin harajatlary azaltmaga, üpjünçiler üçin girdeji gazanmaga we sebitleýin görkezijileri gowulandyrmaga ýardam eder, bu bolsa energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, daşky subýektlere bolan garaşlylygyň peselmegine getirer diýlip, bellenilip geçilýär. 

Hasabatda "Merkezi Aziýa-Günörta Aziýa" elektrik geçiriji taslamasynyň (CASA-1000) wajyplygy aýratyn bellenilýär. Taslamanyň maksady Merkezi Aziýadan Owganystana we Päkistana elektrik energiýasynyň ugradylmagyna ýardam etmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetini berkitmekden ybaratdyr. Taslamanyň 2020-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. 

Hasabata laýyklykda, ABŞ Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň Ýewropa we Ýewraziýa ýurtlary bilen özara söwdasyny ep-esli gowulandyrjak Lazurit geçelgesini goldamak üçin Merkezi Aziýada wiza we gümrük amallaryny aňsatlaşdyrmagyň hem üstünde işleýär. Bu halkara ulag geçelgesi 2018-nji ýylda açyldy we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Owganystany Türkiýe bilen birleşdirýär. 

ABŞ howpsuz we durnukly Owganystanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri üçin ileri tutulýan ugurdygyny we şol ýurtlaryň her biriniň Owganystanda parahatçylygy saklamakda wajyp orny eýelemelidigini ykrar edýär. Waşington Merkezi Aziýa ýurtlarynynyň Owganystan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklary ösdürmegine, ilatynyň aglabasy musulman bolan köp halkly ýurtlaryň durnukly dolandyrylyşynyň nusga edinilmegine itergi berjekdigini aýdýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti sebitiň ýurtlarynyň Kawkazyň üsti bilen Ýewropa, şeýle-de Owganystana we Günörta Aziýa, galyberse-de dünýä bazarlaryna birikmegine şert döretmegiň üstünde işleýändigini hem mälim edýär. Strategiýa laýyklykda, amerikan işewürligi üçin mümkinçilikleriň giňelmegi sebitde ykdysady rowaçlygy ýokarlandyrar, şeýle-de ABŞ-nyň özünde zähmet bazaryna we senagat pudagyna goşant goşar.

2022