Eýranyň awtoulag ýollary we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami ýekşenbe güni Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ugrunda ýerleşýän Inçeburun şäherini erkin ykdysady zolagyna öwürmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.
Eýranyň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Eslami bu barada 56 sany demir ýol taslamalarynyň açylyş dabarasynda aýtdy.
Şeýle-de, eýranly ministr ýakyn wagtda Türkmenistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Gürgen we Inçeburun şäherlerini birikdirýän “Inçeburun” halkara demirýolunyň ulanyşa berilmeginiň meýilleşdirilýändigini beýan etdi.
Mundan başga-da, Eslami 2020-nji ýylyň mart aýyna çenli Eýranyň çäginde 1000 kilometre golaý demir ýolunyň çekiljekdigini belläp, “Biz içerki gatnawlarda demir ýollarynyň möçberini artdyrmaly” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstünden geçip, Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagyny birikdirýän “Garmsar – Inçeburun” ýaly taslamalaryň esasy maksady sebitde söwda pudagyny ösdürmekden ybaratdyr.
Soňky ýyllarda demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek Eýran hökümetiniň wajyp maksatnamalarynyň hataryna girýär. Ýurdy ösdürmekde 2016-2021-nji ýyllar üçin “VI Milli maksatnamasyna” laýyklykda Eýranda ýük gatnawlarynyň 30%-i we ýolagçy gatnawlarynyň 20%-i demir ýollarynyň paýyna düşmegine garaşylýar.