“Toyota” 52 müň awtoulagyny näsazlyk sebäpli yzyna çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Toyota” 52 müň awtoulagyny näsazlyk sebäpli yzyna çagyrýar
Hyzmat ediş kampaniýasynyň sanawyna “Toyota” kompaniýasynyň “Avalon Hybrid”, “Camry”, “Camry Hybrid” we “Lexus ES 300h” awtoulag kysymlarynyň 2020-nji ýyl üçin görnüşleri girizildi.

“Toyota Motor Corporation” kompaniýasy ABŞ-da we Kanadada 52 müň sany “Toyota” we “Lexus” kysymly awtoulaglaryny yzyna çagyrýar. Bu barada “Toyota” kompaniýasy penşenbe güni metbugat beýanaty ýaýratdy.

Kompaniýanyň ulaglary yzyna çagyrmagynyň esasy sebäbi ýolda awtoulag heläkçiligini ýüze çykaryp biljek sowadyjy suwuklygy saklaýan gabynyň syzdyrmagydyr.

Häzirki wagtda hyzmat ediş kampaniýasynyň sanawyna, esasan-da, “Toyota” kompaniýasynyň “Avalon Hybrid”, “Camry”, “Camry Hybrid” we “Lexus ES 300h” awtoulag kysymlarynyň 2020-nji ýyl üçin görnüşleri, şeýle hem “Toyota RAV4” we “RAV4 Hybrid” awtoulag kysymlarynyň 2019-2020-nji ýyllar üçin görnüşleri girdi. Bu awtoulag kysymlarynyň barysyna şol bir wagtda gibrid awtoulaglaryna hem ýangyç hereketlendirijisi oturdylandyr.

“Sowadyjy suwuklyk gabynyň syzdyrmagy awtoulagyň hereketlendirijisinde ses emele gitirip, onda tüsse döretmegine eltmegi mümkin” diýlip, habarda beýan edilýär.

Hyzmat ediş kampaniýasyny “Toyota” şu ýylyň ýaz möwsüminde başlamagy meýilleşdirýär. Bejeriş hyzmatlary tölegsiz amala aşyrylar. Emma kompaniýanyň bu näsazlyk sebäpli beýleki ýurtlardan awtoulaglaryny yzyna aljakdygy barada habar berilmeýär.

“Toyota Motor Corporation” kompaniýasy 1937-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäde iň iri awtoulag öndüriji kompaniýalaryň biri hasaplanýar. “Fortune” žurnalynyň “Fortune Global 500” 2019-njy ýyl üçin sanawynda kompaniýa pul dolanyşygy boýunça altynjy ýeri eýeleýär.

2022