Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanşygy 2019-njy ýylda 500 million ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Aşgabat şäheriniň Ýyldyz myhmanhanasynda duşenbe güni geçen brifingde Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmaljon Kuçkarow belläp geçdi.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurduň Oliý Mejlisinde eden çykyşyna bagyşlanan brifingde Kuçkarow 2019-njy ýylda Özbegistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 5.6% bolandygyny belläp, ýurda 4.2 milliard ABŞ dollary möçberinde daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilendigini we onuň 2018-nji ýyla garanyňda 3.7 esse ýokarydygyny aýtdy.
Şu ýyl bolsa Özbegistan maýa goýumlary 23 milliard ABŞ dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýär.
Şeýle-de, ilçi syýahatçylyk pudagyndaky özgertmelere aýratyn ünsi çekip, Özbegistanyň 86 döwletiň raýatlaryna wizasyz giriş-çykyşy ýola goýandygyny we 57 döwletiň raýatlaryna wiza almagy ýeňilleşdirendigini belledi. “Bu bolsa 2016-njy ýyla garanyňda ýurda gelýän syýahatçylaryň sanyny 3.3 esse, ýagny 6.7 milliona çenli artdyrdy” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Brifingiň barşynda Kuçkarow Özbegistanyň Merkezi Aziýa döwletleri, esasan-da, Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly üns berýändigini nygtady.
“Özbek-türkmen gatnaşyklary çalt depginde ösýär we özgerýär. 2019-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy 500 million ABŞ dollaryndan ýokary boldy” diýip, Akmaljon Kuçkarow beýan etdi.
Türkmenistan 2019-njy ýylda Özbegistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girmegi başardy. Ýakynda Türkmenistan Özbegistanda elektrik energiýasynyň eksportyny ýola goýdy we geljekde “Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman” halkara ulag geçelgesini döretmek göz öňünde tutulýar.