“Samsung” “Galaxy S20” we “Galaxy Z Flip” telefonlaryny köpçülige hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Samsung” “Galaxy S20” we “Galaxy Z Flip” telefonlaryny köpçülige hödürledi
“Galaxy Z Flip” telefonlarynyň satuwy 14-nji fewraldan $1,380 baha bilen başlaýar.

Dünýäde öýjükli telefon öndüriji iri kompaniýalaryň biri “Samsung” ABŞ-niň San-Fransisko şäherinde geçiren “Unpacked” tanyşdyryş dabarasynda bäş sany täze enjamyny, şol sanda täze telefonlaryny we kabelsiz gulaklyklaryny köpçülige hödürledi.

Çäre kompaniýanyň “Galaxy Z Flip” kysymly täze eplenýän smart telefonynyň tanyşdyryş dabarasy bilen başlady. Bu kompaniýanyň “Galaxy Fold” kysymyndan soň ikinji we ekrany eplenýän birinji telefonydyr. “Galaxy Z Flip” telefonlarynyň satuwy 14-nji fewraldan $1,380 baha bilen başlaýar.

Kompaniýanyň çarşenbe güni ýaýradan beýanatyna laýyklykda, täze dörtburç eplenýän “Galaxy Z Flip” smart telefonyna aşa inçe aýnadan ýasalan, ölçegi 6.7 dýum bolan ekran oturdylan. Ýygnalan ýagdaýynda telefonyň arka ýüzünde oturdylan kiçi ölçegli sensor ekrany ýeňillik bilen güni, wagty we batareýasynyň derejesini görmäge, şeýle hem çalt ýagdaýda giriş jaňlara jogap bermäge we smsleri okamaga mümkinçilik döredýär. “Samsung”-yň maglumatyna görä, täze smart telefony 200 müň gezekden gowrak eplenmäge ukyplydyr. Şeýle-de, telefonyň arka ýüzünde iki obýektiwli kamera oturdylandyr.

Dabaranyň dowamynda “Samsung” özüniň $1000 bahadan “Galaxy S20”, $1,200 bahadan “Galaxy S20 Plus” we $1,400 bahadan “Galaxy S20 Ultra” kysymlaryny hem köpçülige hödürledi. Täze telefonlaryň satuwy 6-njy martdan başlar.

“Samsung Galaxy” smart telefonlarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri – olarda oturdylan 5G aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edýän “Qualcomm” kompaniýasynyň “Snapdragon 865” kysymly çipidir.

Dabarada “Samsung” täze “Galaxy” telefondaky kameralaryň 2016-njy ýylda “Galaxy S7” bazara çykarylandan soňky iň uly özgertmesidigini mälim etdi. Kompaniýanyň “Galaxy S20” we “Galaxy S20 Plus” görnüşleri 64MP kamera bilen, “Galaxy S20 Ultra” görnüşi 108MP kamera bilen üpjün edilendir. Şeýle hem rewolýusion linza ulgamynyň hasabyna ulanyjylara “Galaxy S20” we “Galaxy S20 Plus” görnüşlerinde 30 esse we “Galaxy S20 Ultra” görnüşinde 100 esse (100x Space Zoom) ulaldyş zumy hödürlenýär.

Mundan başga-da, “Samsung” “Unpacked 2020” tanyşdyryş dabarasynda “Galaxy Bud+” kysymly kabelsiz gulaklyklaryny köpçülige hödürledi. Gulaklyklar 11 sagada çenli işlemäge ukyply bolup, olarda täze kämilleşdirilen akustika ulgamy oturdylan. Gulaklyklar 6-njy martda $149 bahadan satuwa çykarylar.

2022