Özbek bilermeni türkmen telekeçileri bilen tejribelerini paýlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbek bilermeni türkmen telekeçileri bilen tejribelerini paýlaşdy
Okuw-maslahatyny agrar pudagynda baý tejribä eýe bolan özbek bilermeni Durbek Halikow geçirdi.

Aşgabadyň “Olimpiýa” myhmanhanasynda sişenbe güni Türkmenistanyň howa şertlerinde ýer almasyny ösdürip ýetişdirmek boýunça seminar geçirildi.

Çäre TSTB-niň goldamagynda durmuşa geçirilýän USAID-iň bäsdeşlige ukyply, söwda we iş orunlaryny döretmek boýunça sebitleýin maksatnamasynyň çäginde gurnaldy.

Okuw-maslahatyny agrar pudagynda baý tejribä eýe bolan özbek bilermeni Durbek Halikow geçirdi. Halikow gurak howa şertlerinde ýer almasyny ekişe taýynlamagyň döwrebap agrotehniki usullary barada gürrüň berdi.

Halikow “Ýer almasy adamlaryň arasynda uly islege eýe bolýan azyk harytlarynyň hataryna girýär. Şol sebäpli hem oba hojalyk önümçiliginde ýer almasynyň hasyllygyny artdyrmak wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Bu işde tohum görnüşiniň seçgisini we agrotehniki täzelikleri öňe sürmek wajyp bolup durýar” diýip, okuwyň barşynda beýan etdi.

Durbek Halikow özbek ýer almasynyň alty görnüşiniň döredijileriniň hataryna girýär. Bilermen türkmen oba-hojalykçylarynda ýer almasynyň önümçiligini artdyrmak we geljekde onuň eksportyny ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Bilermen we okuw maslahatyna gatnaşyjylar 12-14-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda ekin meýdanlaryna gezelenç ederler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022