“KAMAZ”: Türkmenistan ähmiýetli bazarlaryň biridir

BIZNES TÜRKMENISTAN
“KAMAZ”: Türkmenistan ähmiýetli bazarlaryň biridir
Geçen ýylyň dowamynda “KAMAZ” tehnikalarynyň 2,000 sanysy Türkmenistana tapgyrlaýyn iberildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň daşary döwletleriň işewür toparlary üçin ägirt uly gyzyklanma döredýändigini nygtan Kogogin kompaniýanyň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklady.

Taraplar pikir alyşmalaryň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, işewür Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny we “KAMAZ-yň” ýurtda alnyp barylýan maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny nazara alyp, birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň iri awtoulag korporasiýasy bilen özara gatnaşyklar boýunça köpýyllyk oňyn tejribä ýokary baha berip, dünýä belli ýokary hilli tehnikalaryň mundan beýläk-de Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdi.

Kogogin Türkmenistanyň “KAMAZ” üçin ähmiýetli bazarlaryň biridigini nygtap, kompaniýanyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şol sanda hyzmat merkezlerini gurmaga, häzirki zaman tehnikalaryna hyzmat edýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy.

Şeýle-de Kogogin öňdebaryjy tehnologiýalary we kompaniýanyň täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak baradaky teklipleri barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň iýun aýynda “KAMAZ” tehnikalarynyň 2,000 sanysyny almak boýunça Karara gol çekipdi. Bu tehnikalar geçen ýylyň dowamynda ýurda tapgyrlaýyn gelip gowuşdy.

2022