Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň administrasiýasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Aleksandr Beglow Sankt-Peterburgyň Türkmenistana derman serişdelerini ibermäge we awtoulag ýollarynyň gurluşygyny alyp barmaga taýyndygyny aýtdy.
“Peterburg kärhanalary “Demirgazyk-Günorta” halkara geçelgesiniň we Aşgabat şäherinde silden goranyş toplumynyň gurluşygyna gatnaşmaga, Hazar deňzi üçin gämi gurluşygynda, şeýle hem ýylylyk elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmakda ýardam bermäge taýyn” diýip, Beglow belledi.
Iş saparyň dowamynda wekiliýetiň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Aşgabat şäheriniň häkimi Ýaztagan Gylyjow bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Şeýle-de wekiliýetiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hem kabul edilmegine garaşylýar.
“Türkmenistanyň we Sankt-Peterburg şäheriniň ýolbaşçylarynyň arasynda 2020-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gol çekilmegine garaşylýar” diýip, maglumatda berilýär.
“Şeýle hem Sankt-Peterburg şäheriniň wekiliýeti iş saparyň dowamynda A.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine gezelenç eder” diýip, Sankt-Peterburg şäheriniň administrasiýasy belleýär.
Sankt-Peterburg şäheriniň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildiren işewürlik toparynyň wekilleri, şeýle-de awtoulag, ýol we gämi gurluşyk, energetika, elektrik energiýasy we suw üpjünçilik, derman senagaty pudaklarynyň we IT-industriýasynyň ýolbaşçylary girýär.