Russiýanyň “Wozroždeniýe” awtoulag-ýol gurluşyk kompaniýasy özüniň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek maksatnamasyna goşulmaga taýyndygyny mälim etdi. Bu barada “Wozroždeniýe-Türkmenistan” şahamçasynyň direktory Aleksandr Petrow “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde penşenbe güni çap edilen makalasynda belleýär.
““Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gurulmagy ýurduň çäklerinde ýükleriň tiz hereket etmegini yzygiderli üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň halkara söwdasyndaky ornuny berkider” diýip, Petrow bu guruljak ýoluň ähmiýeti barada belläp geçdi. “Mundan başga-da bu ulag geçelgesi ulanyşa goýberilen “Demirgazyk-Günorta demir ýoluna oňyn goşmaça bolar”.
Petrow makalasynda “Türkmen-rus gatnaşyklary strategiki häsiýete eýe bolup, Russiýanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň transport, ýangyç-energetika, nebit we gaz hem-de gurluşyk pudaklarynda işleri alyp barýarlar” diýip belleýär.
Awtoulag-ýol gurluşyk pudagynda baý tejribä eýe bolan, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýol gurluşyk tehnikalaryny özünde jemleýän “Wozroždeniýe” kompaniýasy geçen ýylyň awgust aýynda geçirilen Hazar ykdysady forumynyň çäginde “Aşgabat şäherinde silden goranyş toplumynyň” maksatnamasyny hödürledi.
“Wozroždeniýe” kompaniýasy Türkmenistanda eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri ýol gurluşyk işlerini alyp barýar. Kompaniýa ýurtda 20-den gowrak infrastruktura desgalaryny gurup ulanyşa berdi. Olaryň hataryna 50 kilometr awtoulag ýoly we 18 sany bökdençsiz hereket üçin çylşyrymly ýollar hem-de köprüler girýär.
Merkezi edarasy Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän “Wozroždeniýe” kompaniýasy 1988-nji ýylda döredildi. Kompaniýanyň “Wozroždeniýe-Türkmenistan” şahamçasy Türkmenistanda 2009-njy ýyldan bäri hereket edýär.