Gruziýa we Azerbaýjan Türkmenistanyň nebitini üstaşyr geçirmegiň tarifi barada ylalaşdylar. Bu barada Gruziýanyň demir ýollary agentliginiň resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Sişenbe güni Tbilisi şäherinde Gruziýanyň we Azerbaýjanyň demir ýollary agentlikleriniň ýolbaşçylary duşuşdylar. Duşuşyga şeýle-de, sebit logistiki zynjyrlarynyň döwlet we hususy agza kompaniýalarynyň, şol sanda “Azerbaýjanyň Hazar deňzi gämiçiligi”, “Baku halkara deňiz söwda porty” hem-de Dýubendi we Batumi nebit terminallarynyň wekilleri gatnaşdylar.
“Taraplar, bir ýylyň dowamynda “Wolga-Don” deňiz ugryna bäsdeş bolmaga mümkinçilik döretjek, hemişelik hereket edýän möwsümleýin we üstaşyr tariflerini işläp düzdiler” diýip, maglumatda berilýär.
Gruziýa bilen Azerbaýjanyň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde teswirnama gol çekildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gruziýa geçen ýylyň oktýabr aýynda satyn alan uçar ýangyjynyň 100%-ini, ýagny, 2100 tonnasyny Türkmenistandan import etdi.