“Täjir ýoly” MBM süzgüçleriniň 100 müňe golaýyny eksport etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täjir ýoly” MBM süzgüçleriniň 100 müňe golaýyny eksport etmegi meýilleşdirýär
“Täjir ýoly” HK birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine gatnaşdy.

Mary welaýatynda “Meniň bagtyýar mekanym” (MBM) haryt nyşanly süzgüçleriň önümçiligini ýola goýan “Täjir ýoly” hususy kärhanasy şu ýyl önümleriň ýüz müňe golaýyny Gazagystana we Owganystana eksport etmegi meýilleşdirýär.

2018-nji ýylyň tomsunda MBM haryt nyşanly ýag we ýangyç süzgüjini öndürmäge başlan “Täjir ýoly” geçen ýylyň tomsunda bolsa, MBM howa süzgüçleriniň önümçiligine başlady.

Wepa Halymow bir ýarym ýylda önümçiligiň alty esse artandygyny mälim edip, “Geçen ýyl söwda nokatlaryna ýarym milliona golaý süzgüç iberildi” diýip belledi.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portynda geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine gatnaşan Halymow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine howa süzgüçler barada maglumat beripdi.

Daşary ýurtlardan getirilýän süzgüçlerden üç esse arzan satylýan MBM süzgüçleri häzirki wagtda ýeňil ulaglaryna niýetlenip öndürilýär. Geljekde hususy kärhana ýük ulaglaryna hem süzgüçleri öndürmek maksady bilen Türkiýe, Ýaponiýa we Eýrana inženerlerini ugratdylar.

“Täjir ýoly” ýag we ýangyç süzgüçleriniň 32 görnüşini hem-de howa süzgüçleriniň 16 görnüşini öndürýär. Kärhananyň aýlyk önümçilik kuwwaty süzgüçleriň 60 müňe golaýyny öndürmäge ukyplydyr. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda bu mukdary 160 müňe hem çykarmaga kärhananyň mümkinçiligi bardyr.