“Tajir ýoly” hususy kärhanasy “Meniň bagtyýar mekanym” (MBM) haryt nyşanly süzgüçleriň täze görnüşlerini öndürmäge başlady. Ozal ýag we ýangyç süzgüçleriniň 32 görnüşini öndürýän kärhananyň önüm sanawyna howa süzgüçleriniň täze 16 görnüşi goşuldy.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portynda geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine gatnaşan “Täjir ýoly” hususy kärhanasynyň direktory Wepa Halymow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine täze süzgüçler barada maglumat berdi.
Sergide täze süzgüçlerden nusgalary görkezendiklerini aýdan Halymow, howa süzgüçleri bilen kärhananyň aýlyk önümçilik mukdarynyň 60 müňe ýokarlanandygyny belläp geçdi.
W.Halymow, serginiň özleri üçin önjeýli geçendigini nygtap, täze eksport mümkinçilikleriniň döremegine garaşýandyklaryny belledi.