"Günorta gaz geçelgesiniň" gurluşygy 'tamamlanyp gelýär'

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Günorta gaz geçelgesiniň" gurluşygy 'tamamlanyp gelýär'
Taslama umumy uzynlygy 4,000 km golaý üç gaz geçirijiden ybaratdyr. (Surat: Transadriatik gazgeçiriji)

"Günorta gaz geçelgesiniň", hususan-da, Azerbaýjany Italiýa bilen birikdirýän gazgeçirijiniň gurluşygyna $40 milliard sarp edildi we häzirki wagtda taslama ‘taýýar diýen ýaly' diýip, sişenbe güni Azerbaýjanyň SOCAR döwlet nebit kompaniýasynyň wise-prezidentiniň orunbasary Witaliý Baýlarbaýewe salgylanyp EURACTIV habar berdi.

Habara laýyklykda, Hazarda Azerbaýjanyň ykdysady zolagynda ýerleşýän “Şahdeniz” ýatagy "Günorta gaz geçelgesini" üpjün edýän esasy çeşme bolup durýar. Taslama umumy uzynlygy 4,000 km golaý üç gazgeçirijiden: Azerbaýjany Gruziýa bilen birikdirýän Günorta–Kawkaz gazgeçirijisinden (SCP), Türkiýäniň üstünden geçýän Transanatoliý gazgeçirijisinden (TANAP) we Gresiýany, Albaniýany we Italiýany deňiz bölegi bilen birikdirýän Transadriatik gazgeçirijisinden (TAP) ybaratdyr.

EURACTIV-e beren interwýusynda Baýlarbaýew Azerbaýjanda we Gruziýada, şeýle-de Türkiýäniň çäklerindäki TANAP-da kenar işleri 100% tamamlandy diýip belledi. Gazy Ýewropa ibermek dabarasy 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Azerbaýjanyň we Türkiýäniň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

“Geçelgäniň ýeke-täk galan bölegi TAP-dyr. Onuň taýýarlyk derejesi 91%-e deňdir” diýip, Baýlarbaýew aýtdy.

SOCAR-yň ýolbaşçysy gazyň Türkiýä 2018-nji ýylyň 1-nji iýulyndan bäri iberilýändigini mälim etdi. 2018-nji ýylda 2 milliard kub metr, 2019-njy ýylda 4 milliard kub metr iberildi. 2020-nji ýylda bolsa, gazyň 6 milliard kub metriniň iberilmegine garaşylýar.

Baýlarbaýewiň aýtmagyna görä, 2 milliard kub metr Gresiýa we Bolgariýa üçin ätiýaçda saklanylýar. TAP ulanylmaga berlenden soň we Gresiýany Bolgariýa bilen birleşdirýän gazgeçirijiniň gurluşygy tamamlanandan soň 2020-nji ýylyň ahyrynda gaz akdyrylyp başlanar.

“Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Türkmenistandan, Gazagystandan ýa-da Özbegistandan gazy geçirmek üçin Azerbaýjan üstaşyr ýurt bolup hem çykyş edip biler” diýip, Baýlarbaýew nygtady.

Baýlarbaýew: “"Günorta gaz geçelgesi" ulgamynyň kuwwatlyklary muňa mümkinçilik berýär. Günorta-Kawkaz gazgeçirijisiniň we TANAP-yň tehniki geçirijilik ukyby 31 milliard kub metre ýetýär we gatnaşyjy ýurtlar bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşmazdan gazy hem söwda taýdan, hem hukuk taýdan goşmaça iberip bolar” diýdi. “TAP-yň geçirijilik ukyby ýene 10 milliard kub metre çenli artdyrylyp bilner. Umuman, geçirijilik ukybyny ýene-de ýokarlandyryp bolardy, emma munuň üçin gatnaşyjy ýurtlar bilen ylalaşyk gazanmaly bolar”.

Türkmenistan ýylda 30 milliard kub metre çenli gazy Ýewropa ibermäge taýýardygyny mälim etdi. Häzirki wagtda Aşgabat Hazaryň düýbünden Azerbaýjanyň kenarlaryna çenli 300 kilometrlik gazgeçirijini çekmek mümkinçiligini öwrenýär.

2022