Türkmenistanyň DIM-i bilen BMG-niň Çarçuwaly maksatnamasy bilelikdäki hereketleri maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň DIM-i bilen BMG-niň Çarçuwaly maksatnamasy bilelikdäki hereketleri maslahatlaşdy
Mejlisde çykyş edenler dürli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda dürli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Mejlisiň barşynda 2019-njy ýylda bilelikdäki hereketleriň, hususan-da ýokary hilli we inklýuziw hyzmatlary bermek, ekologiýa durnuklylygy, energonetijelilik, iş bilen üpjünçilik, ykdysady diwersifikasiýa we söwda, aýratyn hem dolandyryş we kanunyň ileri tutulmagy ýaly ugurlar boýunça gazanylan ösüşler seljerildi.

Çärä gatnaşyjylar mowzuklaryň her biri boýunça işleriň netijeleriniň hasabatlaryny diňlediler we 2020-nji ýylda hereketleriň kämilleşdirilmegi boýunça tekliplerini orta atdylar.

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna 2016-njy ýylyň aprelinde gol çekilipdi.

Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň 2021-2025-nji ýyllar üçin täze Çarçuwaly maksatnamasynda Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmaga hem-de ýaşlar syýasatyny işläp taýýarlamaga ýaşlaryň çekilmegine aýratyn üns berler. BMG-niň dürli agentlikleriniň bilelikdäki işlerini giňeltmek täze Çarçuwaly maksatnamanyň ýene-de bir aýratynlygy bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022