2019-njy ýylda “Apple Watch” satuwda tutuş şweýsar sagat senagatyny öňürtdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2019-njy ýylda “Apple Watch” satuwda tutuş şweýsar sagat senagatyny öňürtdi
"Apple Watch Series 5" (Photo: CNET)

2019-njy ýylda “Apple Watch” Şweýsariýanyň sagat öndürijileriniň ählisiniň bilelikde satan sagatlaryndan artyk sagat satdy. Bu barada amerikan gözleg “Strategy Analytics” kompaniýasynyň geçen hepde çap eden hasabatynda aýdylýar.

Geçen ýyl “Apple” 31 milliondan gowrak abzaly ýerledi, şweýsar sagat öndürijileri bolsa, jemi 21 milliondan sähelçe gowrak önüm satdy.

“Strategy Analytics” kompaniýasynyň uly seljeriji hünärmeni Stiwen Uolser 2019-njy ýylda satylan “Apple Watches”-yň möçberiniň 36% artandygyny, ýagny 2018-njy ýyldaky 22.5 million birlikden ýokarlanandygyny habar berdi.

Uolseriň bellemegine görä, “Apple Watch”-yň üstünligi “özüne çekiji daşky görnüşi, oňaýly tehnologiýalary we programmalaryň sazlaşmagy” bilen şertlendirilendir. Olar “Apple Watch”-a Demirgazyk Amerikada, Günbatar Ýewropada we Aziýada meşhurlyk gazandyrýar. “Adaty el sagatlary uly ýaşly ulanyjylaryň arasynda islegden has köp peýdalanýar, ýöne has ýaş alyjylar “akylly” sagatlary we kompýuterleşdirilen el abzallaryny satyn alýar” diýip, Uolser sözüne goşdy.

“Strategy Analytics”-yň ýerine ýetiriji direktory Nil Moustonyň belleýişi ýaly, Russiýa eksport edilen şweýsar sagatlarynyň sany 2018-nji ýyldaky 24.2 million birlikden 13% peseldi. Pudagyň iri bazarlary bolup Gonkong, ABŞ we Hytaý çykyş edýär, ondan soň sanawy Ýaponiýa bilen Beýik Britaniýa düzýär.

Uolseriň aýtmagyna görä, “Swatch” ýa-da “Tissot” ýaly Şweýsariýanyň adaty sagat öndürijileri akylly sagatlardan yzda galýar. “Apple Watch” has ösen bölek satuw ugurlary boýunça iň gowy önümi hödürleýär we sanly el abzallaryna höwes bildirýän ýaş ulanyjylary özüne çekýär.

“Akylly sagatlara täsir eder ýaly şweýsar sagat brendlerine ýeňil bolmadyk iş garaşýar. “Swatch”, “Tissot”, “TAG Heuer” we beýlekileriň ýagdaýy muşakgatly” diýip, Uolser sözüniň üstüni ýetirdi.

2019-njy ýylyň “Apple Watch 5” meşhur akylly sagadynyň soňky tapgyrynyň binýatlyk nusgasynyň gabarasy alýuminden ýasalan. Isleg bildirýänler onuň “GPS”-siz (sim kartasyz) görnüşini $399-dan we “GPS+sim karta” görnüşini $499-dan satyn alyp biler. Poslamaýan polatdan öndürilen görnüş $699-dan elýeterlidir, titan daşly nusganyň bahasy bolsa, $799-dan başlaýar.