Daşkentde UAALF-2020 Halkara awiasiýa forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşkentde UAALF-2020 Halkara awiasiýa forumy geçiriler
Özbek tarapy geçiriljek çäreden soň dürli awiakompaniýalaryň Özbegistana sapary ýola goýmak bilen gyzyklanjakdygyna garaşýar.

Daşkent şäheriniň milli sergiler toplumynda 19-20-nji fewralda “Uzbekistan Airports, Aviation & Logistics Forum” (UAALF-2020) atly Halkara awiasiýa forumy geçiriler. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.

UAALF-2020 forumyna Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Kanadadan, Hindistandan, Braziliýadan, Türkiýeden, Kuweýtden, Müsürden, Russiýadan, Hytaýdan we Koreýa Respublikasyndan köp sanly logistika boýunça hünärmenleriň, ulag we transport ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, howa menzilleriniň, awiasiýa we transport kompaniýalarynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

“Dünýäniň 32 ýurdundan 300-den gowrak wekilleriň, şol sanda, “Boeing” we “Jetcraft”, “Air Charter Service”, “Bombardier Business Jets”, “Lufthansa Consulting”, “Pegasus Airlines”, “Turkish Airlines”, “Air Astana” we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar” diýip, Özbegistanyň Transport ministri Elýor Ganiýew halkara foruma bagyşlanyp geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.

Özbek tarapy geçiriljek çäreden soň dürli awiakompaniýalaryň Özbegistana sapary ýola goýmak bilen gyzyklanjakdygyna, ýurduň howa giňişliginden peýdalanmaga isleg bildirjekdigine garaşýar diýlip, beýanda aýdylýar.

Şeýle-de halkara forumyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sergileriň we tanyşdyrylyşlaryň, galyberse-de, syýahatçylyk pudagy boýunça hem pikir alyşmalaryň geçirilmegine garaşylýar.

“Bu günden başlap, biz täze awiakompaniýalaryň döredilmeginiň üstünde işlemäge girişeris” diýip, Ganiýew metbugat maslahatynyň ahyrynda aýtdy. Ganiýew “Ýakyn wagtlarda ýurtda azyndan bäş ýa-da alty awiakompaniýa peýda bolar. Ýolagçy gatnatmagyň hili hem gowulanar. Uly jogapkärçilikli işler bardyr. Bu ýük gatnawlary boýunça hem şeýledir. Bäsdeşlik mümkinçiliklerini ýola goýanymyzdan soň howa merkezini hem döredip bileris. Biz sebitiň merkezinde ýerleşýändigimiz üçin ähli ugurlar boýunça hem uçuşy ýerine ýetirip bileris” diýip belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022