Türkmen-rus Liderleri ykdysady gatnaşyklaryň ugurlary barada pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-rus Liderleri ykdysady gatnaşyklaryň ugurlary barada pikir alyşdylar
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda 2019-njy ýylda özara haryt dolanyşygy 2.6 esse ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki ýurduň Liderleri söhbetdeşligiň dowamynda soňky ýyllarda ähli ulgamlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, täze özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler.

Şeýle-de iki döwletiň Baştutanlary sebit we ählumumy meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Türkmen Lideri russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda 2019-njy ýylda özara haryt dolanyşygy 2.6 esse ýokarlandy.