“Telekeçiler mekdebi” tikinçi we ofisiant hünärleri boýunça okuwa başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Telekeçiler mekdebi” tikinçi we ofisiant hünärleri boýunça okuwa başlady
2009-njy ýylda döredilen “Telekeçiler mekdebiniň” şahamçalary Aşgabat şäherinde we Balkan, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda hereket edýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” ýeňil geýimleriň biçimçi-tikinçisi we ofisiant ugurlary boýunça iki sany täze hünäriň okuwyny ýola goýdy.

Häzirki günde Aşgabat we Mary şäherlerindäki mekdeplerde ýola goýlan täze hünärler, ýakyn wagtlarda beýleki nokatlarda hem okadylmaga başlanar.

Ýeňil geýimleriň biçilişiniň we tikilişiniň usullaryny öwredýän hünär boýunça okuw üç aý möhlet bilen üç tapgyrdan ybaratdyr. Okuwyň dowamynda diňleýjiler el we maşyn tikininiň usullary, tikin maşynlarynyň görnüşleri bilen tanşyp, ölçeg almagy, biçmegi we tikmegi öwrenerler.

Bir aýlyk möhletli ofisiant hünäriniň maksady diňleýjileriň nazary we amaly bilimlerini özleşdirip, tejribe okuwlarynda dürli görnüşli iýmit kärhanalaryň müşderilerine hyzmat etmek endiklerini öwretmekden ybaratdyr. Şeýle hem ofisiant hünärine giriş okuwynyň iş maksatnamasyna iýmit kärhanalarynda özüňi alyp barmagyň etikasy, iş tertip-düzgünleri we ofisiantyň işiniň gurnalyşy ýaly ugurlar girýär.

Öz hünär ugurlaryny yzygiderli artdyrýan “Telekeçiler mekdebi” geçen ýylyň dekabr aýynda gid-terjimeçiler üçin hem okuwa başlapdy.

Birleşme tarapyndan 2009-njy ýylda döredilen “Telekeçiler mekdebiniň” şahamçalary Aşgabat şäherinde we Balkan, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda hereket edýär. Mekdebe 27 ugur boýunça hünär öwretmäge ygtyýarnama berildi.

2022