“Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegine garşy $10 milliard goýberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy howanyň üýtgemegine garşy $10 milliard goýberer
Bezos geçen ýylyň sentýabr aýynda “Amazon”-y 2040-njy ýyla çenli ekologiýa taýdan arassa kompaniýa öwürjekdigini aýdypdy.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan “Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos duşenbe güni öz “Instagram” sahypasynda “Bezos Earth Fund” ekologiýa fonduny işe girizýändigini ýazdy. Bezos 10 milliard ABŞ-niň dollary möçberinde serişde aýyrmagy meýilleşdirýändigini aýdyp, bu başlangyjyna tomusda pul goýberip başlajakdygyny mälim etdi.

“Howanyň üýtgemegi biziň planetamyz üçin ullakan howpdur” diýip, Bezos öz sahypasynda ýazdy. “Men howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin beýleki adamlar bilen bilelikde iş alyp barmak we bu meselede täze çözgütler hödürlemek isleýärin”.

Bezos geçen ýylyň sentýabr aýynda “Amazon”-y 2040-njy ýyla çenli ekologiýa taýdan arassa kompaniýa öwürjekdigini aýdypdy. Şol sebäpli hem 2030-njy ýyla çenli “Amazon”-yň harytlaryny daşaýan Miçiganyň “Rivian” kompaniýasyny elektrik bilen işleýän 100 müň ulag bilen üpjün etmekçi.

Bezos 10 milliard ABŞ-niň dollaryny sarp edeninde hem ol dünýäniň iň baýlarynyň sanawynda galar. “Bloomberg” tarapyndan berilýän maglumata görä, Bezosyň pul serişdesi $130 milliard bolup, $10 milliard onuň 7.7 göteriminden ybaratdyr.

2022