Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi.
Penşenbe güni geçen duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň üstünligini belläp geçdiler.
Gepleşigiň barşynda milli derejede işlenilip düzülen we amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Şeýle-de reproduktiw saglyk, maşgalanyň meýilleşdirilmegi we çaganyň ösüşi ulgamyndaky çäreleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen geljekki hereketler boýunça pikirler alyşyldy.
Sebit we global derejesinde utgaşdyrylan amallaryň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen taraplar, Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamyndaky işlerini, hususan-da durmuş taýdan goraglylyk bilen birlikde migrantlara we raýatlygy bolmadyk adamlara ýardam bermek boýunça hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasy hereket edýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde ikitaraplaýyn maksatnamanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin bäş ýyllyk meýilnamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada çäre geçirildi.