“Anglo American”, “ENGIE” we “Williams Advanced Engineering” kompaniýalary dünýäde iň uly wodorod bilen işleýän hereketlendirijili kän ýük ulagyny döretmek ugrunda bilelikde iş alyp barýar. Ulagyň bu görnüşi dizel bilen işleýän ulaglardan kem bolmaz. Bu barada “Business Insider” neşiri habar berýär.
Habara görä, Britaniýanyň tebigy baýlyklary gazyp alýan “Anglo American” transmilli kompaniýasy wodorodly hereket etmek üçin känlerde işleýän öz ýük ulaglaryny üýtgedýär. Fransiýanyň transmilli “ENGIE” energetiki kompaniýasy wodorod tehnologiýasy, Britaniýanyň “Williams” tehnologiki kompaniýasy akkumulýator ulgamy, “Anglo American” kompaniýasy bolsa, öz “Komatsu” ýük ulaglary bilen üpjün eder.
Wodorodly ýük ulaglarynyň öndürilişiniň birinji tapgyry şu ýylda başlanar. Beýleki ýerlerde ulanmazdan ozal olar Günorta Afrikanyň Mogalakwena diýilýän platina toparyna degişli demirleriň käninde synaglardan geçiriler.
“Popular Mechanics” žurnalynyň berýän maglumatlaryna görä, täze wodorodly enjam kände işleýän ýük ulaglarynyň dizel görnüşi bilen deňeşdireniňde has sessiz we hyzmaty has arzan bolmagyna mümkinçilik berer. Ýük düşüriji ulagyň agramy 290 tonna bolup, ol agramy boýunça özünden öňki iň uly 45 tonnalyk “eDumper”-den örän agyrdyr.
Litiý-ionly akkumulýator dizelli hereketlendirijiniň ornuny tutar. Bu ulaga garyşyk, ýagny hem akkumulýator, hem-de wodorodly ýangyç bilen işlemäge mümkinçilik berer. Ondan başga-da, “Williams”-yň habar bermegine görä, ulag göwrümi sagatda 1000 kilowatdan uly bolan litiý-ionly akkumulýatorlary bilen üpjün ediler.
“Anglo American”-yň tehniki direktory Toni O'Nil wodorodly kän ýük ulagynyň 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 30%-e çenli azaltmak boýunça kompaniýanyň maksatlarynyň biridigini aýtdy. Şeýle-de kompaniýa uglerodyň zyňyndylaryny azaltmagy göz öňünde tutýar.