Stenford uniwersitetiniň alymlary nebitden göwher daşyny almagy başardylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Stenford uniwersitetiniň alymlary nebitden göwher daşyny almagy başardylar
Stenford uniwersitetiniň we SLAC milli tizleşdiriş tejribehanasynyň bilelikde geçiren barlag işleri nebitiň we gazyň düzümindäki wodorodyň we uglerodyň molekulalaryndan göwher daşyny alyp bolýandygyny görkezdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Stenford uniwersitetiniň we SLAC milli tizleşdiriş tejribehanasynyň bilelikde geçiren barlag işleri fiziki parametrler takyk düzülende nebitiň we gazyň düzümindäki wodorodyň we uglerodyň molekulalaryndan göwher daşyny alyp bolýandygyny görkezdi. Bu barada sişenbe güni Kaliforniýa ştatynyň Stenford şäherinde ýerleşýän uniwersitetiň metbugat beýanatynda habar berildi.

Metbugat beýanatyna görä, alymlar 60 ýyldan gowrak ýylyň dowamynda beýleki materiallardan göwher daşyny almagyň sintezini geçiripdirler. Emma bu prosesi amala aşyrmak ägirt uly mukdarda energiýany, wagty ýa-da katalizatoryň goşulmagyny talap edýär. Munuň üçin, esasan-da, soňky önümiň hilini peseltmäge ukyply metal gerekdir.

“Biz ýöne bir arassa ulgamy döretmek, ýagny katalizatorsyz bir jisimi başga jisime öwürmek isledik” diýip, alym Sulji Park aýtdy.

Tebigy göwher daşy ýeriň ýüzünden ýüzlerçe kilometr çuňlukda, temperaturanyň birnäçe müň gradusa ýetýän ýerde ugleroddan kristallaşýar. Häzirki wagta çenli gazylyp alnan tebigy göwher daşlarynyň aglaba bölegi millionlarça ýyl ozal wulkanlaryň atylmagy sebäpli ýokaryk süýşendir.

Göwher daşlaryny sintezlemek üçin barlag topary nebit daşaýan tankerleriň üstünden alnan üç görnüşli tozdan başladylar.

“Bu tejribe üçin tozuň az mukdary zerurdyr” diýip, Stenford uniwersitetiniň minerallar boýunça alymy Wendi Mao aýtdy. “Biz tejribe üçin tozy iňňe bilen mikroskopyň aşagyna goýduk”.

Arassa ugleroddan durýan göwher daşy bilen birlikde diamondoidlar diýip atlandyrylýan tozlaryň düzüminde hem wodorod bardyr.

“Bu bölekleri ulanyp, siz çalt we ýeňil ýagdaýda göwher daşyny alyp bilersiňiz” diýip, Mao belleýär.

Sintezlenen göwher daşy altyn-kümüş şaýlary bilen bir hatarda beýleki önümlerde hem ulanylyp bilinýär. Göwher daşy özüniň himiki durnuklylygy, gatylygy, optiki durulygy we ýylylyk geçirijiligi üçin medisinada, kwant hasaplaýjy tehnologiýalarda, senagatda we biologiki zond barlaglarynda giňden peýdalanylýar.

2022