Lebap welaýatynda gül ösümlikleri ösüdürilip ýetişdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynda gül ösümlikleri ösüdürilip ýetişdirilýär
Ýyladyşhanada bägülleriň 5 görnüşi, otag gülleriniň 80-den gowrak görnüşi, bezeg gülleriniň hem-de agaçlarynyň onlarça görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Jeýhun” daýhan birleşiginde ýerleşýän hususyýetçi Bäşim Haldurdyýewe degişli bolan gülçilik ýyladyşhanasynda otag gülleriniň 80-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

Bäşim Haldurdyýewiň aýtmagyna görä, ýyladyşhanada ýylyň dört paslynda hem gyzyl-elwan öwüsýän gülleriň, şeýle hem subtropiki agaçlaryň, şol sanda sitruslar maşgalasyna degişli ösümlikleriň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

“Biziň ýyladyşhanamyzda gülleriň arasynda iň owadan hasaplanýan bägülleriň 5 görnüşi, öýlerimize bezeg berýän otag gülleriniň 80-den gowrak görnüşi, bezeg gülleriniň hem-de agaçlarynyň onlarça görnüşi, şeýle-de subtropiki agaçlaryň banan, papaýa, limon ýaly görnüşleri we palma şekilli agaçlaryň 5 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär” diýip, hususyýetçi Haldurdyýew aýtdy.

Ýyladyşhanada 20-ä golaý hünärmen zähmet çekýär.

2022