Türkmenistanyň baş diplomaty Katara iş saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty Katara iş saparyny amala aşyrar
Türkmenistan bilen Kataryň diplomatik gatnaşyklary 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni Katar döwletine gulluk iş saparyny amala aşyrar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany türkmen-katar gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini belläp, uzakmöhletleýin esasda netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatynyň bardygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideri Türkmenistanyň baş diplomaty Meredowa Kataryň paýtagtyna gulluk iş saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanmagyň üpjün edilmegini tabşyryp, degişli Buýruga gol çekdi hem-de Kataryň Emirine halkara derejesinde bellenilýän Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurmagy tabşyrdy.

Daşary işler ministri Raşid Meredow gulluk iş saparynyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Türkmenistan bilen Kataryň diplomatik gatnaşyklary 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

2022