Türkmenistanyň wekili Bakuda “Günorta gaz geçelgesi” boýunça maslahata gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň wekili Bakuda “Günorta gaz geçelgesi” boýunça maslahata gatnaşýar
Maslahata 13 döwletden ministrler we ýurtlaryň ministrlikleriniň wekilleri gatnaşýar. (Surat: "Trend")

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew anna güni Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän “Günorta gaz geçelgesiniň” konsultatiw geňeşiniň çäginde ministrleriň VI maslahatyna gatnaşýar.

Maslahatyň açylyşynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew çykyş etdi diýip, “Report” habarlar agentligi habar berýär.

Maslahata 13 döwletden ministrler we ýurtlaryň ministrlikleriniň wekilleri gatnaşýar.

Şeýle-de duşuşyga BP, SGC, BOTAŞ, TPAO, TANAP, TAP, SNAM, “Fluxys”, ICGB AD, “Transgaz”, “SNGN Romgaz SA”, “UNİPER Global”, “Bulgargaz EAD”, SACE, “Plinacro” kompaniýalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, şol sanda Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň we Ýewropanyň maýa goýum bankynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň birinji mejlisinde “Günorta gaz gecelgesi” boýunça edilen işler barada hasabatlar berilýär. Ikinji mejlisinde “Günorta gaz geçelgesine” agza döwletleriň hem-de taslama gyzyklanma bildirýän döwletleriň wekilleri çykyş edýärler.

“Günorta gaz geçelgesi” konsultatiw geňeşiniň çäginde ministrleriň duşuşygy 2015-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilip gelinýär.

“Günorta gaz geçelgesiniň” gündogara tarap uzajak bölegi hasaplanýan 300 kilometrlik Transhazar gazgeçiriji taslamasynyň göwrümi azyndan 30 ýyllap her ýyl 30 milliard kubmetrlik türkmen gazyna barabar bolup, ol Hazar deňziniň türkmen kenaryndan başlap, Azerbaýjanyň kenarynda tamamlanmaly.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022