Aşgabatda “Ýaşyl Merkezi Aziýa” boýunça seminar geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Ýaşyl Merkezi Aziýa” boýunça seminar geçirildi
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ulgamyndaky başlangyçlary boýunça indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni “Ýaşyl Merkezi Aziýa” ýokary derejeli Maslahatynyň we daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa (ÝB-MA) iş toparynyň 9-njy mejlisiniň jemleri boýunça seminar geçirildi.

Seminaryň barşynda oňa gatnaşyjylar daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi bilen bagly öňe sürülýän teklipleri, şeýle hem “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly maslahatynyň hem-de daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA iş toparynyň 9-njy mejlisiniň dowamynda teklip edilen başlangyçlaryň toplumlaýyn we netijeli durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşyk Türkmenistanyň öz milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmeginde olary ähli babatda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün Tertibiniň düzgünlerine we howanyň üýtgemeginiň ulgamyndaky strategiýalaryna laýyklygyny göz öňünde tutýandyr. 

Ýokary derejeli Maslahatyň dowamynda türkmen tarapyndan Merkezi Aziýanyň ekoulgamlarynyň özboluşlylygy we howa töwekgelçilikleriniň peseldilmegi nukdaýnazardan sebitleýin strategiýanyň, howanyň üýtgemeginiň nazarda tutulmagynda suw serişdeleriniň integrirlenen ýagdaýda dolandyrylmagy boýunça taslamalaryň işlenilip düzülmegi, şeýle-de çölleşmäge garşy göreşmek boýunça hereketleriň sebitleýin durmuşa geçirilmegi teklip edilendir. 

Nobatdaky duşuşyga gatnaşyjylar şonuň ýaly-da Türkmenistanyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ulgamyndaky başlangyçlaryndan gelip çykýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar Akademiýasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçileri gatnaşdylar.

2022