Hytaý kompaniýasy koronawirusdan goraýan ýeňil awtoulagy öndürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý kompaniýasy koronawirusdan goraýan ýeňil awtoulagy öndürmekçi
“Geely”-niň belleýişi ýaly, täze “Icon” ulagy onlaýn tanyşdyrylandan soň öňünden berlen sargytlaryň sany 30 müňden geçdi.

“Volvo”, “Polestar”, “Lotus” brendlerine eýelik edýän Hytaýyň “Geely” awtoulag öndüriji kompaniýasy duşenbe güni “Icon” kysymly täze, ykjam, ýokary geçijilik ukyply ýeňil awtoulagyň onlaýn tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Ulaga onlaýn usulda millionlarça adam tomaşa etdi.

Kompaniýanyň metbugat beýanatyna laýyklykda, täze görnüşli awtoulaglar ýolagçylary diňe bir tozandan we yslardan goramaga däl-de, howany içeri girýän bakteriýalardan we wiruslardan arassalamaga mümkinçilik berýän ulgam bilen üpjün edilendir.

Awtoulag kompaniýasynyň aýtmagyna görä, koronawirus epidemiýasyna jogap hökmünde “Geely Auto” rekord gysga wagtyň içinde N95 bilen sertifikatlaşdyrylan howany arassalaýan täze ulgamy (IAPS) işläp taýýarlady. Howany ýokary derejede arassalaýan bu ulgam salonyň howasynda zyýanly bölejikleri, şol sanda bakteriýalary we wiruslary aýry saklamak we ýok etmek üçin “Icon” kondisioneri bilen bilelikde işleýär.

“Geely”-niň belleýşi ýaly, täze “Icon” ulagy onlaýn tanyşdyrylandan soň öňünden berlen sargytlaryň sany 30 müňden geçdi.

“'Geely Icon'-yň öndürilmegi diňe “Geely”-niň dünýä derejesindäki ösüş güýjüni däl, eýsem öňdengörüjilikli pikirlenýändigimizi, ýokary tehnologiýaly sanly geljege tarap öňe barýandygymyzy görkezýär” diýip, onlaýn tanyşdyryşda “Geely Auto Group”-yň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory An Sunhueý belledi.

Kompaniýa täze koronawirus ýaly ýokanç kesellerden ýolagçylary goramak maksady bilen awtoulaglary işläp düzmek üçin 53 million dollary sarp etjekdigini yglan edeninden bary-ýogy üç hepde geçeninden soň, şu täze ulagy çykardy. “Geely” “Icon”-y diňe içerki bazara niýetleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022