Katar Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Katar Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi
Doha şäherinde şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Kataryň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Doha şäherinde şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ösüşiň esasy görkezijisi, iň ýokary syýasy derejede döredilen açyk dostlukly we konstruktiw gepleşik bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesine aýratyn üns berildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy geňeşmeleriň yzygiderli häsiýetde geçirilmeginiň we bu görnüşdäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde işjeňleşdirilmeginiň örän wajypdygyny nygtadylar.

Taraplar, şeýle hem Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň indiki mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleleriň hem üstünde durup geçdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Kataryň DIM-niň ýolbaşçysy Hökümetara toparyň indiki mejlisine işjeň taýýarlyk görülýändigini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek mejlisiň dowamynda iki ýurduň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada jikme-jik pikir alyşjakdygyny belledi we ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýtdy.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy. Katar tarapy Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.