Özbegistanyň Merkezi banky ýurduň täjirçilik banklary bilen bilelikde QR-kodunyň (Çalt anyklanylýan kod) esasynda “QR-online” köptaraplaýyn töleg hyzmatyny ulanyşa girizýär. Bu barada Özbegistanyň Merkezi bankyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.
Resminama görä, bu ulgamyň çäginde söwda-hyzmat kärhanalary olara hyzmat edýän täjirçilik banklaryň üsti bilen QR-kodlaryny düzýärler we bellige alýarlar. Alyjylar haryt we hyzmat üçin tölegi QR-kody skan etmek we harydyň nyrhyny girizmek bilen ýörite applikasiýanyň üsti bilen ýerine ýetirip bilýärler. Pul serişdeleri applikasiýa birikdirilen bank hasabyndan ýa-da elektron gapjykdan alynýar.
Merkezi bankyň aýtmagyna görä, söwda-hyzmat kärhanalary “QR-online” ulgamy boýunça gelýän pul serişdelerini “Telegram” applikasiýasynda bankyň şahsy otagy arkaly “@onlineqrbot” kanaly bilen ýa-da sms maglumat arkaly yzarlap bilýär.
Ýurduň baş banky täze ulanyşa girizilen ulgamyň harytlary eltmek we ýolagçylary gatnatmak bilen meşgullanýan kompaniýalaryň arasynda uly islege eýe bolmagyna garaşýar. Sebäbi QR-kod töleg terminallaryny ulanmazdan tölegi kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Daşkent şäherinde “QR-online” töleg hyzmatyny girizmek maksady bilen täjirçilik banklary tarapyndan 3 müňden gowrak QR-stikerleri söwda-hyzmat kärhanalaryna berildi.