Moskwada GDA ýurtlarynyň wekilleri ykdysadyýet boýunça pikir alşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Moskwada GDA ýurtlarynyň wekilleri ykdysadyýet boýunça pikir alşarlar
Moskwa şäherinde 13-nji martda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 85-nji mejlisi geçiriler.

Moskwa şäherinde 13-nji martda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 85-nji mejlisi geçiriler. Bu barada GDA-nyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Çäre Moskwanyň Halkara söwda merkezinde gurnalar.

Duşuşygyň dowamynda GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli pudaklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Mejlisde Arkalaşygyň agza döwletleriniň 2030-njy ýyla çenli transport pudagynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna hem serediler.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar GDA döwletleriniň 2020-2023-nji ýyllar üçin sosial-demografik gatnaşyklarynda ylalaşylan Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksatnamasy barada pikir alşarlar.

Ykdysady geňeşiň mejlisi bilen bir hatarda GDA döwletleriniň “GDA+Dünýä” atly Halkara ykdysady forumy hem geçiriler. Forumyň maksady GDA döwletleriniň arasynda strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, global parahatçylygyň we ösüşiň hormatyna durnuklylygy hem-de köptaraplaýyn konstruktiw gepleşikleri berkitmekdir.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda we 84-nji mejlisi dekabr aýynda Moskwada geçirildi.

2022