Türkmen wekiliýeti Wenada neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça maslahata gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Wenada neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça maslahata gatnaşdy
Ýygnagyň açylyşyşynda UNODC-niň Global amallar boýunça müdiri hanym Miwa Kato we UNODC-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili hanym Aşita Mittal çykyş etdiler.

Türkmenistanyň wekilýetiniň başlangyjy bilen penşenbe güni BMG-niň Wena şäherindäki Neşe serişdelerine we jenaýata garşy komissiýasynyň 63-nji mejlisiniň çäginde, “Täze söwda we üstaşyr ýollarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň öňüni almak maksady bilen Merkezi Aziýada sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” atly çäre geçirildi.

Bu çäre BMG-niň Neşe we jenaýata garşy müdirligi (UNODC) we Özbegistanyň wekilhanasy bilen bilelikde guraldy.

Ýygnagyň açylyşyşynda UNODC-niň Global amallar boýunça müdiri hanym Miwa Kato we UNODC-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili hanym Aşita Mittal çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG, Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat we utgaşdyryjy merkezi, ÝHHG we beýleki halkara guramalar bilen bilelikdäki Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirýän taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde bikanun neşe serişdeleriniň dolanşygyna garşy göreşde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagy bilen goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistan hökümetiniň halkara terrorçylygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy alyp barýan çäreleri barada gatnaşyjylara gürrüň berdi.

Bu çärä 20-den gowrak BMG-niň agza ýurtlaryň wekilleri, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdelerine garşy göreş komissiýasynyň agzasy hökmünde saýlandy.

2022